19-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

19 Iyul, 2026

19-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

1893-nji ýyl. XX asyryň iň meşhur rus şahyrlarynyň biri, dramaturg we kinoaktýor Wladimir Maýakowskiý dünýä indi. Onuň täzeçil goşgy düzüş usuly (basgançakly goşgy) we güýçli ritmi dünýä edebiýatyna uly täsir etdi.

1927-nji ýyl. Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) ýurduň özünde öndürilen ilkinji aeroglisser (howa propellerli çalt ýöreýän gaýyk) synagdan geçirildi.

1946-njy ýyl. Merilin Monronyň ilkinji film synagy geçirildi. Şonuň netijesinde hem, aktrisa «20th Century Fox» kinostudiýasy bilen şertnama baglaşdy.

1963-nji ýyl. Indoneziýa Hindi ummanynyň adyny Indoneziýa ummany diýip üýtgedýändigini resmi taýdan yglan etdi.

1966-njy ýyl. Maýkl Kollinz «Jemini X» kosmos gämisiniň bortundan açyk kosmosa çykdy. Amala aşyrylan kosmosa çykyş Amerikanyň taryhynda üçünji, Kollinziň öz üçin bolsa ilkinji şeýle üstünlik boldy.

1996-njy ýyl. Atlantada (ABŞ) XXVI Olimpiada oýunlary başlandy. Oňa sany boýunça rekord derejedäki türgen — 10 744 adam (7 060 erkek we 3 684 zenan) gatnaşdy. Bu ýerde sportuň 26 görnüşi boýunça 271 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.

2003-nji ýyl. Dünýäde ilkinji gezek adamyň dilini başga birine göçürmek (transplantasiýa) boýunça operasiýa şowly amala aşyryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info