19 ýaşly özbek küştçisi Dünýä Kubogynyň iň ýaş ýeňijisi hökmünde taryha girdi

MilliInfo

27 Noýabr, 2025

Özbegistandan bolan 19 ýaşly grossmeýster Žawohir Sindarow Hindistanyň Goa şypahanasynda geçirilen Dünýä Kubogy – 2025-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda ol Hytaýyň wekili Weý Ini ýeňdi, Sindarow taý-breýkde bu garşydaşyndan güýçli çykdy — 1,5:0,5.

Ýeri gelende bellesek, Dünýä Kubogy – 2025-iň ýeňijisi diňe derejä hem-de 120 müň amerikan dollaryna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Dalaşgärleriň ýaryşy – 2026 ýaryşy üçin ýollanma alýar. Çempionlyk tapgyrynyň esasy ýaryşynda çykyş etmek mümkinçiligine diňe Dünýä kubogynyň üç medalçysy eýe bolýar.  

Hindistanda geçen ýaryşda üçünji ýere rus grossmeýsteri Andreý Ýesipenko mynasyp boldy. Ol üçünji orun ugrundaky oýunda özbek küştçüsi Nodirbek Ýakubboýewi ýeňdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo