«1С: Türkmenistan üçin buhgalteriýa»: Buhgalteriýada täze derejä çykmak isleýärsiňizmi? Toparda bary-ýogy 3 orun galdy

MilliInfo

«Synmaz Tilsimat» hojalyk jemgyýeti «1С: Türkmenistan üçin buhgalteriýa» atly ýöriteleşdirilen okuw kursuna diňleýjileri kabul edýär. Okuwlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, kärhanalarda buhgalterçilik hasabatyny ýöretmek üçin iň köp isleg bildirilýän programmalaryň birinde işlemek boýunça tejribe endiklerini ele almak isleýänler üçin niýetlenendir.

Habar berlişi ýaly, toparyň sany çäklidir. Heniz toparda boş orunlar bar. Kabul edişligiň ýapylmazyndan öň ýazylmaga howlugyň, goşulmak isleýänlere öz gatnaşjakdygyny mümkin boldugyndan gysga wagtda resmileşdirmek maslahat berilýär.

Okuw kursunyň dowamlylygy bir aýa uzaýar. Sapaklar hepdede üç gezek — sişenbe, penşenbe we şenbe günleri, agşamara sagat 18:30-dan 21:00-a çenli geçiriler. Sapaklaryň tertibinde arakesmäniň göz öňünde tutulandygyny ýatladýarys.

Okuwyň bahasy doly kursy geçmek üçin 1800 manat. Sapaklary «1С» ulgamynda ençeme ýyllyk tejribesi bolan, ýörite güwänamaly (sertifikasiýaly) hünärmen-amalyýetçi geçirer. Maksatnamada esasy üns wezipeleri amaly taýdan özleşdirmäge we alnan bilimleri buhgalteriň hakyky professional işinde ulanmaga gönükdirilendir.

Okuwy tamamlan diňleýjiler programmada ynamly işlemek üçin zerur bolan çuňňur bilimleri ele alarlar, şeýle hem olara sertifikat gowşurylar. Sapaklar rus dilinde, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda geçirilýär.

Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: +993 71 47-29-88.

Okuwlar Garaşsyzlyk şaýolyndaky «Çarwadar» söwda merkezinde ýerleşýän «Synmaz» okuw merkezinde geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info