2 asistden soňky garaşylmadyk başdangeçirme: Lamin Ýamal Konýada pasportyny ýitirdi

MilliInfo

9 Sentýabr, 2025

7-nji sentýabrda — Dünýä kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň Türkiýäni 6-0 hasabynda utan duşuşygyndan soň Lamin Ýamal Konýa şäherinde pasportyny ýitirdi.

Ýeňil şikesden soňra 73 minut meýdançada bolan Lamin Ýamal bu duşuşykda 2 asist etmegi başardy. Meýdançadan ýeňiş bilen çykan Ýamal Konýadan gaýdyp barýarka awtobusda howsala düşdi. Futbol janköýerleri Ýamalyň awtobusyň daşyna çykyp howsala bilen çemodanyny dörýän pursatlaryny wideo ýazgy edip internetde paýlaşdylar.

Meşhur ýyldyzlyk statusy Ýamalyň pasport meselesini Türkiýede gyssagly ýagdaýda çözmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen, Lamin Ýamal 15-nji sentýabrda La Ligada «Walensiýa» bilen boljak duşuşykda ýaşyl meýdana çykar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo