2-nji aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 sagat öň

Çagalar kitaplarynyň halkara güni: Bu sene 1967-nji ýyldan bäri meşhur ertekiçi Gans Kristian Anderseniň doglan gününde bellenilip gelinýär.

1833-nji ýyl. Aleksandr Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» romanynyň doly neşiri çap edildi. Şahyr bu eseri ýazmak üçin 7 ýyl, 4 aý we 17 gün sarp etdi.

1912-nji ýyl. «Titanik» gämisi synag ýüzüşini geçmek üçin ilkinji gezek deňze çykdy. Bu synag üstünlikli jemlendi.

1912-nji ýyl. «Los Angeles Times» gazetinde ilkini gezek «jaz» sözi peýda boldy. Munuň özi, soňlugy bilen aýdym-saz sungatynyň dünýäsine ebedi giren sözüň metbugatda ilkinji gezek bellenilmegi hökmünde taryha girdi.

1948-nji ýyl. Stalin adyndaky zawodda ýokary geçijilikli «ZIS-151» ýük awtoulaglarynyň ilkinji tapgyry öndürildi. 1950-nji ýyla çenli bu awtoulaglar agaç-metal gurluşly kabina we ştamplanan faner örtügi bilen goýberildi. Şonda «ZIS-151» üç çekiji oky bolan ilkinji tapgyrlaýyn ýerli awtoulag boldy. 1958-nji ýylda «ZIL-157-niň» öndürilip başlanmagy bilen bu modeliň önümçiligi bes edildi.

1952-nji ýyl. Türkmenistanyň at gazan artisti, meşhur aýdymçy Nurýagdy Tokgaýew dünýä indi.

1958-nji ýyl. «NASA-ny» döretmek baradaky kanunyň taslamasyny hödürledi. Kosmosy özleşdirmek ugrundaky bäsdeşlik, şeýle hem Ýeriň ilkinji emeli hemrasy bolan «Sputnik-1-iň» älem giňişligine uçurylmagy munuň üçin esasy sebäp boldy.

1975-nji ýyl. Çili-amerikan aktýory Pedro Paskal dünýä indi. «Tagt oýunlary» (Game of Thrones) serialyndaky Oberin Martelliň obrazy hem-de «Gladiator» filmindäki keşbi onuň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info