1857-nji ýyl. Wirjiniýaly Jeýms Gibbs bir sapakly tikin maşynyny patentledi.
1891-nji ýyl. Irlandiýaly Uilýam Makkramyň (William McCrum) teklibi boýunça futbolda penalti (11 metrlik jerime urgusy) girizildi.
1896-njy ýyl. Italiýaly Gulýelmo Markoni ABŞ-da radiony patentledi.
1897-nji ýyl. «New York Journal» hepdelik neşiri Mark Tweniň ölümi baradaky myş-mşlary ret edip, ýazyjynyň Londondan iberen telegrammasyndan şu sözleri şygar hökmünde getirdi: «Meniň ölümim baradaky habarlar gaty ulaldylypdyr».
1973-nji ýyl. Amsterdamyň merkezinde Winsent wan Gogyň muzeýi açyldy.
1989-njy ýyl. Türkmen futbolçysy Elman Tagaýew dünýä indi.