2-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

1796-njy ýyl. Napoleon Bonapart Italiýada harby operasiýalary geçirmek üçin fransuz goşunynyň baş serkerdesi wezipesine bellenildi.

1831-nji ýyl. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin öz döwrüniň iň owadan zenanlarynyň biri hasaplanan Natalýa Gonçarowa bilen durmuş gurýar. Şahyr oňa söýgüsini birnäçe goşgusynda beýan edýär. Şolaryň biri hem «Madonna» sonetidir.

1933-nji ýyl. ABŞ-da «King Kong» filminiň ilkinji görkezilişi boldy.

1949-njy ýyl. Dünýäde ilkinji gezek uçaryň hiç hili gonmazdan, bütin Ýeriň daşyna uçuşy amala aşyryldy. «Boeing B-50 Superfortress» uçary 26-njy fewralda Tehasdan ýola düşdi.

1968-nji ýyl. Şu gün britaniýaly aktýor we prodýuser, Jeýms Bondyň obrazy bilen giňden tanalýan Deniel Kreýg 58 ýaşyny doldurýar.

1974-nji ýyl. Stiwi Uander bäş ugur boýunça «Gremmi» baýragyna mynasyp boldy.

Her ýylyň 2-nji martynda dünýäde iň täsin baýramçylyklaryň biri — Halkara otluçöp güni bellenilip geçilýär. Munuň özi adamlar otluçöpi gutujygyna çyzanlarynda, bu täsin oýlap tapyşyň taryhy hakynda oýlanmaklaryna sebäp bolup biler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info