2-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 Maý, 2026

2-nji maý: Gyzykly maglumatlar

1519-njy ýyl. Beýik italýan suratkeşi we oýlap tapyjysy Leonardo da Winçi aradan çykdy.

1857-nji ýyl. F.Dýu Tamplýa atly şahsyýete bug hereketlendirijili, çekiji pyrlampaçly we üç tigirli uçaryň taslamasy üçin patent berildi.

1922-nji ýyl. Beýik rus şahyry Sergeý Ýeseniniň we amerikaly tansçy Aýsedora Dunkanyň nika dabarasy bolup geçdi.

1952-nji ýyl. Ýolagçy awiasiýasynda täze eýýam başlandy. Bortunda 36 ýolagçysy bolan «Kometa» reaktiw uçary London — Iohannesburg ugry boýunça ilkinji gatnawyna ugrady.

1959-njy ýyl. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda ýaşaýan daýhan maşgalasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow (Döwlet Garkyn) dünýä indi.

1972-nji ýyl. Meşhur iňlis futbolçysy Dewid Bekham dünýä indi.

1972-nji ýyl. Amerikaly aktýor we restler Dueýn «Skala» Jons doguldy.

2-nji maý — Halkara Garri Potter güni: Eseriň hem-de filmiň muşdaklary Hogwarts ugrundaky aýgytly söweşiň bolan senesini (kitaplardaky sene boýunça)  belleýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info