1872-nji ýyl. Nýu-Ýorkda ilkinji gezek Metropoliten muzeýi açylýar.
1934-nji ýyl. Aşgabat şäherinde türkmen kino sungatynda öçmejek yz goýan beýik aktýor, režissýor hem-de senariýeçi Baba Annanow dünýä indi. Ol Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» kinofilmindäki Artygyň obrazy bilen halkyň aňynda ebedi ýaşaýar.
1935-nji ýyl. Daniýaly we norwegiýaly gözlegçi hasaplanýan Kerolaýn Mikkelsen taryhda Antarktida aýak basan ilkinji zenan hökmünde bellige alyndy.
1943-nji ýyl. Meksikadaky mekgejöwen meýdanynda Parikutin wulkany emele gelip başlaýar.
1985-nji ýyl. Russiýaly aýdymçy «Tatu» pop-toparynyň ozalky solisti Ýuliýa Wolkowa dünýä indi.
1988-nji ýyl. 20 milliondan gowrak albom nusgasyny satan we aýratynlykdaky aýdymlarynynyň satuwyny 60 milliona ýetiren, has takygy, ähli döwürleriň iň köp satylýan ýerine ýetirijileriniň sanawyna giren barbadosly we amerikaly R'n'B hem-de pop aýdymçysy Rianna dünýä indi. Rianna Gaýanada buhgalter maşgalasynda doguldy we ýedi ýaşynda aýdym aýtmaga başlady.
1990-njy ýyl. Italiýaly futbolçy, 2020-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolmagy başaran Çiro Immobilýe doguldy.
2005-nji ýyl. «Звезда» teleýaýlymy işe başlady.