20-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

20 Iýun, 2026

20-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

Her ýylyň 20-nji iýunynda Ýer ýüzünde Bütindünýä bosgunlar güni bellenilýär. BMG tarapyndan yglan edilen bu sene 2000-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär.

1793-nji ýyl. Amerikaly Eli Uitni pagta arassalaýjy maşyny patentleşdirdi.

1840-njy ýyl. Semýuel Morze elektromagnit telegrafy üçin patent aldy.

1867-nji ýyl. Prezident Endrýu Jonson Alýaskanyň satyn alnandygyny yglan etdi.

1938-nji ýyl. Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor Nury Halmämmedow dünýä indi. Onuň ajaýyp eserleri umumadamzat hazynasyndan mynasyp orun aldy.

1939-njy ýyl. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda alym, şahyr, ýazyjy, žurnalist hem terjimeçi Şadurdy Çaryýew doguldy.

1967-nji ýyl. Gawaý adalarynyň Gonolulu şäherinde awstraliýaly-amerikaly aktrisa Nikol Kidman dünýä indi.

2003-nji ýyl. «Wikimedia» gaznasy döredildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info