Gije bilen gündiziň ýazky deňleşmesi şu güne gabat gelýär.
1833-nji ýyl. Aleksandr Puşkin tarapyndan ýazylan «Ýewgeniý Onegin» atly goşgy görnüşindäki romanyň ilkinji doly neşiri çapdan çykdy.
1854-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Respublikan partiýasy esaslandyryldy.
1906-njy ýyl. Herrikgala obasynda görnükli gündogarşynas professor Mäti Kösäýew doguldy. Ol beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge aýratyn üns berdi. Şeýle hem Kemine, Mollanepes, Abdysetdar Kazy, Baýram han, Omar Haýýam, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy ýaly şahyrlar barada makalalary ýazdy.
1921-nji ýyl. Kanzas-sitide «Walt Disney» kompaniýasynyň gatnaşmagynda döredilen ilkinji multfilm prokata çykaryldy.
1952-nji ýyl. Belli režissýor Kristian-Žagyň «Fanfan-Çigildem» filminiň ilkinji görkezilişi guraldy. Filmde baş keşpleri Žerar Filip we Jina Lollobrijida janlandyrdy.
2017-nji ýyl. Rokfellerler öýüniň baştutany Dewid Rokfeller 101 ýaşynda aradan çykdy. Ol taryha ilkinji dollar milliarderi hökmünde giren şahsyýetiň—Jon Rokfelleriň agtygydyr.
Her ýylyň 20-nji martynda Halkara bagt güni bellenilýär. Bu baýramçylyk 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan planetanyň her bir ýaşaýjysy üçin abadançylygyň ähmiýetini nygtamak maksady bilen esaslandyryldy.