20-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

1498-nji ýyl. Hindistana deňiz ýolunyň açylan senesi şu güne gabat gelýär. Portugaliýaly deňizçi Wasko da Gama taryhda ilkinji gezek Afrikanyň daşyndan aýlanyp geçmegi başardy we öz gämilerini Hindistanyň kenarlaryna getirdi.

1570-nji ýyl. Antwerpen şäherinde flamand kartografy Abraham Orteliý uly ölçegli, ýagny 53 kartadan ybarat bolan ilkinji döwrebap geografik atlasy çap etdi.

1742-nji ýyl. Russiýaly polýar barlagçysy Semýon Çelýuskin it goşulan sannilerde Ýewraziýanyň iň demirgazyk nokadyna ýetdi. Şol nokat häzirki wagtda onuň adyny göterýär — Çelýuskin burny.

1799-njy ýyl. Fransiýanyň Ture şäherinde ýaşaýan daýhan maşgalasynda Onore de Balzak doguldy.

1873-nji ýyl. Jinsleriň döremegi şu gün bilen senelenýär. Amerikanyň «Levi Strauss & Co.» kompaniýasy jübi bölümlerinde metal berkitmeleri bolan iş balaklaryny öndürmek üçin patent aldy.

1927-nji ýyl. Amerikan uçarmany Çarlz Lindberg «Sent-Luisyň ruhy» (Spirit of St. Louis) atly uçarynda Nýu-Ýorkdan asmana galyp, ýolda hiç hili gonmazdan, taryhda ilkinji gezek Atlantik ummanynyň üstünden ýeke özi uçup geçdi we Parižde üstünlikli gondy.

1938-nji ýyl. Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info