20-nji sentýabrda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

MilliInfo

9 Sentýabr, 2025

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi guralýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 9-njy sentýabrdaky sanynda beýan edilýär.

Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

Telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo