Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny (U20) Azerbaýjan bilen Özbegistan bilelikde kabul eder

MilliInfo

3 Oktýabr, 2025

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň Geňeşiniň 2027-nji ýylyň 20 ýaşa çenli futbolçylaryň arasyndaky dünýä çempionatyny Azerbaýjan bilen Özbegistanyň bilelikde geçirmegi baradaky çözgüdi kabul edendigini habar berdi. Bu barada FIFA-nyň ýolbaşçysynyň Instagram sahypasynda beýan edildi.

 — Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän taryhy ýaryş biziň sport görnüşimizden iň zehinli ýaş türgenleriň ukybyny görkezjek möhüm wakalaryň biri bolar — diýip, Janni Infantino belledi.

Ol iki döwleti hem tüýs ýürekden gutlady we bu ýaryşyň 2027-nji ýylda 25-nji gezek ýokary derejede geçiriljekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny, şeýle hem munuň FIFA agza ýurtlaryň ikisiniň bilelikde geçirýän ilkinji ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatydygyny tassyklady.

Bu çözgüdiň FIFA-nyň 2-nji oktýabrda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde geçirilen Geňeşinde tassyklanandygyny ýatladýarys. Çempionat şol ýylyň 27-nji sentýabrynda başlanar, onuň final duşuşygy 19-njy oktýabrda oýnalar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo