UEFA-nyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, 2024/25 futbol möwsümi futbola tomaşa etmek üçin janköýerleriň iň uly möçberiniň stadionlara gelen möwsümi bolupdyr. Has takygy, geçen möwsümiň ähli futbol duşuşyklaryna, ýagny, milli ýygyndylaryň we Ýewropanyň ligalarynyň oýunlaryna tomaşa etmäge gelen janköýerleriň sany 240 million adamdan geçýär.
Diňe Ýewropanyň ýokary ligalaryna däl, eýsem, ikinji ligalaryna ýerinde tomaşa edenleriň statistikasy hem haýran galdyrýar. Çünki ikinji derejeli ligalara gelen janköýerleriň sany hem 80 milliondan geçýär. Elbetde, bu sanlar şu güne çenli Ýewropada bolan oýunlara tomaşa etmek üçin stadionlara gelen janköýerleriň sany boýunça iň ýokary görkezijidir. Munuň özi futbola tomaşa etmäge bolan islegiň barha artýandygynyň subutnamasydyr.

