ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalaryndan grin-kartyň lotereýasyna hasaba alyş üçin bir amerikan dollary möçberinde töleg alyp başlar. Ozal bu ugudaky ýüztutmalar tölegsiz kabul edilýärdi.
Täze ýygym lotereýanyň geçirilmegi bilen bagly administratiw çykdajylaryň öwezini dolmak maksady bilen girizilýär. Bu serişdeler kompýuter ulgamynyň täzelenmegine, gatnaşyjylaryň maglumatlarynyň saklanmagyna we howpsuzlyk barlaglarynyň geçirilmegine gönükdiriler.
Amerikanyň degişli edaralarynyň hasaplamalaryna görä, bu bellige alyş töleginiň girizilmegi her ýyl federal býujetiň üstüniň 25 million amerikan dollary bilen ýetirilmegine mümkinçilik döreder. Lotereýanyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda hem bu töleg yzyna gaýtarylmaz.
Täze düzgüniň girizilmezinden öň lotereýa gatnaşyjylar diňe ýeňiş gazanan ýagdaýynda – resminamalary resmileşdirmek üçin 330 amerikan dollary möçberinde töleg edýärdiler. Indi bolsa bijelere gatnaşmak isleýänleriň ählisi arzasyny tabşyran wagty bir dollar möçberinde töleg geçirmeli bolarlar.
«Boundless» immigrasiýa agentligi sanly töleg ulgamlaryna mümkinçilikleri çäkli bolan dalaşgärleriň kynçylyk çekip biljekdigini duýduryar.