Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

MilliInfo

22 Noýabr, 2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 21-nji noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlaryň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda bilim alýandyklaryny aýtdy hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo