Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berlen habarda rus hökümeti tarapyndan 2026/2027-nji okuw ýyly üçin RF-niň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna berlen orunlaryň sany mälim edilýär. Şunlukda, geljek okuw ýylynda Russiýanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamak üçin ýurdumyzyň raýatlaryna 500 býujet orny berilýär.
«Elbetde, munuň özi bilim almak isleýän we has gowy bilim şertlerinden peýdalanmagy arzuw edýän ýaşlar üçin özboluşly mümkinçilik bolar» — diýlip, ilçihananyň habarynda beýan edilýär.
Täze arza kabul ediş çärelerine 15-nji sentýabrda badalga berildi.
Bilim almak üçin teklip edilýän orunlara dalaşgärler «education-in-russia.com» resmi saýtynda bellige aldyrmalydyr.

