2026-njy ýylda ýurdumyz boýunça 5 müň 245 sany täze iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär

MilliInfo

2 sagat öň

13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi we Maksatnamada 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

Bu möhüm resminamada şu ýyl Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, pudaklara döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bellenilýär.

Şeýlelikde, ykdysadyýetiň pudaklarynda täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça jemi 5 müň 245 sany täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki — 24-nji fewraldaky sanynda habar berildi. Munuň özi zähmete ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info