2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek sergileriň tertibi

MilliInfo

5 sagat öň

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibi paýlaşyldy.

  • 10 — 12-nji fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

  • 17 — 19-njy mart — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň maslahaty

  • 18-nji mart — «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy

  • 14 — 16-njy aprel — «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty

  • 28 — 30-njy aprel — Türkmen‑hytaý işewürlik forumy we sergisi

  • 12 — 14-nji maý — «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi

  • 24 — 25-nji maý — «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi

  • 4 — 6-njy iýun — «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi‑maslahaty

  • 19 — 22-nji awgust — «Kids Expo: çagalar üçin ähli zat» atly halkara sergi‑ýarmarkasy

  • 17 — 19-njy sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

  • 1 — 30-njy oktýabr — Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF)

  • 10 — 12-nji oktýabr — «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

  • 21 — 23-nji oktýabr — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we halkara sergisi

  • 3 — 5-nji noýabr — «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty

  • 24 — 26-njy noýabr — «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info