2026-njy ýyldan GDA ýurtlarynda «Arkalaşygyň ýarmarkasy» geçirilip başlanar

MilliInfo

26-njy awgustda Moskwada «Arkalaşygyň ýarmarkasy» taslamasy boýunça GDA-nyň bilermenler toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu başlangyç Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň teklibine esaslanýar we Arkalaşygyň ýurtlary üçin täze halkara meýdançasyny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýarmarka Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän şäherlerde her ýyl geçiriler. Onuň ilkinjisini Gazagystanyň Taraz şäherinde 2026-njy ýylda guramak meýilleşdirilýär. Bu ýerde milli däp-dessurlar bilen döwrebaplyk utgaşýar: ajaýyp el işleri, milli senetçilik sungaty işewürlik dünýäsi üçin möhüm bolsa, oba hojalyk toplumynyň innowasion çözgütleri munuň üstüni ýetirýär.

Onuň formaty diňe söwdany däl, eýsem, medeni wakalary, okuw maksatnamalaryny hem-de işewürlik gatnaşyklaryny özünde jemlär. Munuň GDA agza ýurtlaryň önümçiligini görkezmekde, aragatnaşyklary guramakda hem-de bazary giňeltmekde ajaýyň mümkinçilik boljakdygy şübhesizdir.  

Guramaçylyk meseleleri boýunça ara alyp maslahatlaşmalar bilermenleriň Düzgünnamanyň deslapky taslamasyny hödürlemegi bilen oktýabrda dowam etdiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo