Geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 24-nji iýulda geçirilen mejlisinde hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B.Seýidowa belledi.
Şunlukda,
tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, döredijilik, zehin bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň, çeper okaýyşlaryň, milli oýunlar boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi;
ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny» atly meýdan şertlerindäki okuw maslahatlarynyň;
«Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynda bolsa «Köpetdagyň tebigy gözellikleri» atly maslahatyň guralmagy;
höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň,
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere awgust aýyndaky çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
