«Deadline» neşiri Kristofer Nolanyň «Odisseý» filminiň täze kassa rekordlary barada habar berdi. Film 21-nji iýulda — duşenbe güni ABŞ-da 18,6 million dollar toplady.
Şunlukda, bu ekran eseri hepdeniň birinji güni gazanylan girdejiler boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Mundan ozalky duşenbe gününiň rekordy 17,3 million dollar gazanan «Oýunjaklaryň taryhy 5» (Toy Story 5) multfilmine degişlidi. Şeýle hem «Odisseý» animasion taslamalaryň hasaba alynmadyk ýagdaýynda, 2026-njy ýylyň iň gowy başlangyjyny görkezmek bilen, Kristofer Nolanyň döredijilik ýolundaky iň uly üstünlikleriň biri boldy.
«Odisseý» gadymy grek şahyry Gomeriň adybir eseri esasynda surata düşürilen epiki wakany gürrüň berýär. Baş keşbi «Ähtden dänenler» (The Departed) we «Marsly» (The Martian) filmleriniň ýyldyzy Met Deýmon janlandyrdy. Filmde Tom Holland, Zendeýa, Robert Pattinson, Enn Heteueý, Lupita Niongo, Şarliz Teron we Jon Berntal ýaly meşhur aktýorlar hem surata düşdüler. Ekran eseri hem tomaşaçylar, hem tankytçylar tarapyndan ýokary bahalandyryldy: film «Rotten Tomatoes» agregatorynda synçylardan 94%, tomaşaçylardan bolsa 97% «täzelik» reýtingini aldy.
