UEFA-nyň gelen karary 2026/27 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň Ispaniýanyň paýtagtynda, ýagny Madridiň «Atletiko» klubynyň futbol meýdanynda — «Riyad Air Metropolitano» stadionynda geçiriljekdigini aýan etdi. Ispaniýanyň paýtagty bu hukuk ugrunda Azerbaýjanyň Baku şäheri bilen bäsleşipdi, emma netijede ýeňiji Mardid boldy.
Ýewropanyň iň döwrebap arenalarynyň biri hökmünde tanalýan «Riyad Air Metropolitano» 2017-nji ýylda ulanyşa berildi we 68 müňden gowrak tomaşaçy üçin niýetlenendir. Stadion taryhynda ikinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna şaýat bolar. Stadionda 2019-njy ýylda «Liwerpul» bilen «Tottenhemiň» arasyndaky Çempionlar ligasynyň finaly geçirilip, bu oýunda «Liwerpul» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Galyberse-de, UEFA-nyň soňky kararlaryna görä, 2026-njy ýylda Superkubok duşuşygyny Awstriýanyň Zalsburg şäheri kabul eder. Zenanlaryň Çempionlar ligasynyň 2027-nji ýyldaky finaly bolsa Polşanyň paýtagty Warşawada geçiriler.
Täze düzgünleriň hatarynda uly üns çeken täzelik bar: şikes sebäpli uzak möhletleýin meýdançadan daşlaşan futbolçynyň ýerine başga oýunçyny goşmaça hasaba almaga mümkinçilik berilmegi. Bu üýtgeşme Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 6-njy tapgyryna çenli amal edilip bilner.

