21-nji aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

Bu gün — Bütindünýä döredijilik we innowasion işjeňlik güni.

B.e. öňki 753-nji ýyl. Rim şäheriniň Romulus tarapyndan esaslandyrylan senesi hasaplanýar.

1910-njy ýyl. Dünýä belli amerikaly ýazyjy Mark Twen 75 ýaşynda aradan çykdy.

1960-njy ýyl. Braziliýa şäheri Braziliýanyň täze paýtagty boldy. Şäher arhitektor Oskar Nimeýra tarapyndan taslanyp, dört ýylyň dowamynda guruldy. Şol gün respublikanyň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň ählisi bir wagtda Rio-de-Žaneýro şäherinden şu ýere göçürildi.

1964-nji ýyl. Britan teleýaýlymy «BBC Two» efire çykyp başlady.

1926-njy ýyl. Ýelizabeta II ady bilen tanalýan şahsyýet — Ýelizaweta Aleksandra Mariýa Windsor dünýä indi. Ol 1952-nji ýyldan başlap Beýik Britaniýanyň şa zenany boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info