21-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

5 sagat öň

1431-nji ýyl. Ruan şäherinde Žanna d’Arkyň üstünden kazyýet işi başlandy.

1804-nji ýyl. Taryhda ilkinji gezek parapozda ýük we ýolagçy daşaldy.

1842-nji ýyl. Amerikaly Jon Grinou ilkinji tikin maşynyny patentleşdirdi.

1885-nji ýyl. Waşingtonda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji prezidenti Jorj Waşingtonyň hatyrasyny göterýän Waşington ýadygärligi açylýar.

1953-nji ýyl. Jeýms Uotson we Frensis Krik DNK molekulasynyň gurluşyny anykladylar.

1957-nji ýyl. Aýdymçy, «Lýube» toparynyň lideri, Russiýanyň halk artisti Nikolaý Rastorguýew doguldy.

1984-nji ýyl. Sowet ýazyjysy Mihail Şolohow aradan çykdy. Ol «Ýuwaş Don» romany üçin edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan üçünji sowet ýazyjysydyr.

1996-nji ýyl. Belli aktrisa, «Tagt oýunlary» («Игра престолов») serialynyň ýyldyzy Sofi Týorner dünýä indi.

Her ýylyň 21-nji fewralynda 1999-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan esaslandyrylan Halkara ene dili güni bellenip geçilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info