21-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

Şu gün dünýäde Halkara Nowruz güni bellenilýär.  Nowruz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatly mirasdyr. Şonuň üçin hem, bu baýram dünýäniň birnäçe döwletinde giňden bellenilýär.

1840-njy ýyl. Asly belgiýaly bolan fransuz ussasy Adolf Saks täze saz guralyny oýlap tapdy we ony saksofon diýip atlandyrdy.

1877-nji ýyl. Fransuz awiasiýasynyň öňdebaryjy wekili Moris Farman dünýä indi. Ol dünýäde ilkinji ýolagçy uçaryny döreden şahsyýetdir.

1950-nji ýyl. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Medeniýet obasynda görnükli režissýor, dramturg hem aktýor Kakajan Aşyrow dünýä indi. Onuň ýazan hem-de sahnalaşdyran eserleri halkara teatr festiwallarynyň abraýly baýraklarynyň birnäçesine eýe boldy.

1999-njy ýyl. Bertran Pikar we Braýan Jons howa şarynda Ýeriň daşyndan aýlanan ilkinji ynsanlar hökmünde bellige alyndylar. Olaryň uçuşy 478 sagat dowam etdi.

2006-njy ýyl. «Twitteri» esaslandyryjy Jek Dorsi öz döreden sosial torunda — twitterde ilkinji habary ugratdy.

Bu gün — Bütindünýä poeziýa güni. 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 30-njy sessiýasynda her ýylyň 21-nji martyny Bütindünýä şygryýet güni hökmünde bellemek baradaky karar kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info