21-nji maýda Medeni köpdürlüligiň bütindünýä güni bellenilýär: Bu sene medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri we ösüşi höweslendirmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasy esasynda, 2002-nji ýylda yglan edildi.
Halkara çaý güni. Bu senäni bellemek hakyndaky çözgüt 2019-njy ýylyň dekabrynda tassyklanyldy.
1091-nji ýyl. Rus döwletiniň çäklerinde Gün tutulmasy boýunça ilkinji resmi maglumat bellige alyndy.
1904-nji ýyl. Parižde FIFA (Halkara futbol federasiýasy) esaslandyryldy.
2019-njy ýyl. «Parazitler» filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Film 2019-njy ýylyň «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň gowy film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy özboluşly senariýe» we «Iň gowy daşary ýurt çeper filmi» diýen ugurlarda ýeňiji boldy.
2019-njy ýyl. «Microsoft» kompaniýasy «Windows Server 2019» operasion ulgamyny çykardy.