21-nji noýabrdan Aşgabat — Daşoguz ugry boýunça howa gatnawy artdyrylar

MilliInfo
turkmenmetbugat.gov.tm

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýerli howa gatnawlarynyň täzelenen tertibini yglan etdi. Täzelenen gatnaw tertibi 21-nji noýabrdan güýje girer.

Şunlukda, Aşgabat — Daşoguz ugry boýunça gündelik howa gatnawy artdyryldy. Ozal görkezilen ugur boýunça gündelik gatnawlaryň dördüsi amala aşyrylan bolsa, indi bu görkeziji bäşe ýetirildi.

Täze gatnaw her gün agşam 22:40-da paýtagtymyzda Daşoguza tarap ýola düşer. Ol 23:30-da barmaly nokadyna gonar.  

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň täzelenen tertibi bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info