2100 tonnadan gowrak pile: ýurdumyzyň pileçileri şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler

MilliInfo

2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar ýetirildi we bu waka mynasybetli ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza gutlaglar beýan edildi.

Bu görkeziji ýurdumyzyň oba hojalygy ulgamynyň ajaýyp üstünligidir. Ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçileriniň irginsiz yhlasynyň miwesidir.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info