21-nji aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1838-nji ýyl. Ilkinji gezek ýelkensiz hereket edýän bugly gämi Atlantik ummanyny kesip geçdi. Angliýanyň tigirli bug gämisi «Sirius» Nýu-Ýorkuň kenaryna gelip ýetdi.

1864-nji ýyl. Fin aýlagynyň buzlarynda dünýäde ilkinji bugly buz döwüji gämi bolan «Paýlot» işe başlady.

1870-nji ýyl. Simbirsk şäherinde Sowet döwletiniň esaslandyryjysy Wladimir Lenin dünýä indi.

1966-njy ýyl. Ilkinji gezek gözi göçürip oturtmak boýunça operasiýa amala aşyryldy. Bu ugurdaky taryhy barlag dünýäniň lukmançylyk ulgamyna diýseň möhüm waka hökmünde girdi.

1970-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli aksiýa — Birinji Ýer güni geçirildi. Şondan soň bu gün halkara derejä eýe boldy.

1993-nji ýyl. «Mosaic» atly web-brauzeriniň ilkinji nusgasy çykdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info