22-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 sagat öň

1630-njy ýyl. Iňlis koloniýaçylary ilkinji gezek popkorny — mekgejöwen patraklaryny dadyp gördüler. Bu tagamy indeýler ençeme müňýyllyklaryň dowamynda taýýarlap gelipdirler. Iňlislere bu tagamy indeý taýpasynyň serdary Kwodekuaýn hödür etdi.

1632-nji ýyl. Galileo Galileý özüniň iň möhüm ylmy işini — Ýewropanyň geljekki astronomiýa ylmynyň ösmegine düýpli täsir eden «Dünýäniň iň esasy iki ulgamy — ptolemeý we kopernik hakynda dialog» atly eserini neşir edýär.

1732-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birinji prezidenti Jorj Waşington dünýä indi.

1810-njy ýyl. Polşaly kompozitor we pianinoçy Frederik Şopen doguldy. Şopen ähli döwürleriň iň beýik sazandalarynyň biri hökmünde ykrar edildi we onuň döredijiligi köp sanly kompozitorlara düýpli täsir etdi.

1946-njy ýyl. Zelman Waksman agyr öýken keseline garşy ilkinji antibiotigi — streptomisini açýar.

1966-njy ýyl. Weterok we Ugolýok atly iki it «Kosmos-110» hemrasynda älem giňişligine uçuryldy. Bu itler uçuşyň dowamlylygy boýunça 22 günlük täze rekordyň eýesi hökmünde bellige alyndylar.

1997-nji ýyl. Şotlandiýaly alymlar Dolli atly goýnuň üstünlikli klonlaşdyrylandygy barada ilkinji gezek habar berdiler. Munuň özi himiki birleşmeleriň izolirlenmegi we madda çalşygynyň öwrenilmegi bilen bagly möhüm ylmy täzelige öwrüldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info