22-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

22-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

1889-njy ýyl. Germaniýa Ýewropada garrylyk boýunça pensiýany girizen ilkinji ýurt boldy.

1921-nji ýyl. Moskwada ilkinji radiogoýberiliş ulgamy işe girizildi.

1933-nji ýyl. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanow dünýä indi.

1941-nji ýyl. Alekseý Nikolaýewiç Tolstoý «Azaply ýollar» (Хождение по мукам) epopeýasynyň iň soňky kitabyny tamamlady.

1962-nji ýyl. Türkmenabat şäherinde işçi maşgalasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanow doguldy.

1983-nji ýyl. NHL-de (Milli hokkeý ligasy) owertaým girizildi (esasy wagtda deňme-deňlik bolan ýagdaýynda, birinji gola çenli dowam edýän goşmaça bäş minutlyk oýun wagty).

1986-njy ýyl. Argentinaly futbolçy Diego Maradona Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda Angliýanyň ýygyndysynyň derwezesine «Hudaýyň eli» we «Asyryň goly» diýlip atlandyrylýan meşhur gollaryny saldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info