22-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

19 sagat öň

1849-njy ýyl. Awraam Linkoln ýüzýän dokuň, ýagny gäminiň suwasty bölegini abatlamak üçin niýetlenen desganyň gurluşy üçin 6469-njy belgili patenti aldy. Ol häzirki wagta çenli ABŞ-nyň öz oýlap tapyşy üçin patent alan ýeke-täk prezidentidir.

1859-njy ýyl. Britan ýazyjysy, meşhur detektiw Şerlok Holmsyň keşbini döreden Artur Konan Doýl dünýä indi.

1892-nji ýyl. Amerikan diş lukmany Waşington Şeffild diş pastasy üçin niýetlenen gysylyp sykylýan ýumşak gaby patentleşdirdi.

1906-njy ýyl. Doganlar Raýtlar uçýan enjam üçin patent aldylar.

1907-nji ýyl. Meşhur iňlis aktýory we režissýory Lourens Oliwiýe doguldy.

1911-nji ýyl. Tehnologiýa institutynyň professory Boris Lwowitş Rozing dünýäde ilkinji gezek elektron-şöhle turbajygynyň ekranynda geometrik şekilleri görkezdi. Bu şekiller häzirki telewideniýe şekilleriniň ilkinji nusgasy boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info