1564-nji ýyl. Eýwon derýasynyň boýundaky Stretford şäherinde beýik iňlis ýazyjysy Uilýam Şekspir doguldy.
1616-njy ýyl. Ynsanlaryň aňynda Don Kihot atly täsin gahrymany döreden ispan ýazyjysy Migel de Serwantes aradan çykdy.
1836-njy ýyl. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin «Sowremennik» žurnalynyň ilkinji sanyny çap etdi.
1907-nji ýyl. Jek London dünýä syýahatyna ugrady.
1954-nji ýyl. NBA-da — Milli Basketbol ligasynda 24 sekunt düzgüni girizildi. Bu düzgüne görä, topa eýe bolan topar 24 sekundyň dowamynda torly halka zyňyşy ýerine ýetirmelidir.
1982-nji ýyl. «ZX Spectrum» kompýuteri çykaryldy.
1992-nji ýyl. Pekinde «McDonald's» dünýä torunyň iň uly restorany açyldy. Bu restoranyň bir wagtda 700 adamy kabul etmek mümkinçiligine eýelik edýärdi.
Bu gün — Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni. Möhüm senäniň her ýylyň 23-nji aprelinde belleniljekdigi 1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň 28-nji sessiýasynda yglan edildi.
Şu gün dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň iňlis dili güni giňden bellenilýär.