532-nji ýyl. Wizantiýanyň imperatory Ýustinian täze Aýa Sofiýanyň binýadynyň ilkinji daşyny goýdy.
1893-nji ýyl. Inžener Rudolf Dizel dizel gurnamasy üçin patent aldy.
1874-nji ýyl. Uly tennis oýnamak üçin niýetlenen kort, ýagny meýdança ilkinji gezek patentlendi.
1941-nji ýyl. Amerikan alymy Glenn Siborg tejribeleriň netijesinde plutoniniň massa sany 239 bolan izotopyny aldy. Şol wagt geljekki Nobel baýragynyň eýesi bary-ýogy 29 ýaşyndady.
1945-nji ýyl. Rus sowet ýazyjysy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoý aradan çykdy.
1947-nji ýyl. Halkara standartlaşdyryş guramasy (ISO) esaslandyryldy.
1954-nji ýyl: Poliomielit keseline garşy ilkinji köpçülikleýin sanjymlar ABŞ-nyň Pitsburg şäherinde başlanýar.
1993-nji ýyl. «Ruby» programmalaşdyrma dili döredildi.