23-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

23-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

1846-njy ýyl. Belgiýaly Adolf Saks saksofon üçin patent aldy.

1868-nji ýyl. Wiskonsin ştatynyň ýaşaýjysy Kristofer Letem Şoulz ýazuw maşynkasynyň patentini aldy. Onuň ölçegleri uly stol ýalydy, klawiaturasy bolsa roýala meňzeýärdi. Maşynka diňe uly harplar bilen ýazýardy, şunda kagyz platformanyň aşagynda ýerleşýändigi sebäpli, çap ediji öz işiniň netijesini görüp bilmeýärdi.

1894-nji ýyl. Parižde Pýer de Kuberteniň başlangyjy bilen Halkara Olimpiýa komiteti döredildi.

1944-nji ýyl. Meşhur kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejepow dünýä indi.

1993-nji ýyl. Halkara Olimpiýa komitetiniň başlygy Huan Antonio Samarançyň başlangyjy bilen Lozannada Olimpiýa muzeýi esaslandyryldy.

1994-nji ýyl. ABŞ-da režissýor Robert Zemekisiň «Forrest Gamp» filmi ekranlara çykdy. Onda baş rollary Tom Henks we Robin Raýt janlandyrdy. Film bütin dünýäde 38 baýraga, şol sanda 6 sany «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.

1998-nji ýyl. Dünýäde ilkinji gezek adam beýnisiniň öýjüklerini göçürip oturtma (transplantasiýa) operasiýasy geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info