Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň 24-25-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň 21-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda beýan edildi.
Ýakyn goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýlandygy bellenildi. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip, dürli ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

