24-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

1466-njy ýyl. Ýewropa ýurtlarynda bijeli oýnuň geçirilmegi baradaky ilkinji maglumatlar beýan edildi. Belgiýanyň Brýugge şäherinde geçirilen bu lotereýany flamand nakgaşy Ýan wan Eýkiň dul galan aýaly gurnady. Şol senäniň hatyrasyna her ýylyň 24-nji fewralynda bijeli oýunlaryň bütindünýä güni bellenilýär.

1582-nji ýyl. Rim papasy Grigoriý XIII astronomik taýdan has takyk bolan täze grigorýan senenamasyna geçmek baradaky resminamany çap etdi.

1902-nji ýyl. Beýik Britaniýada doktor Lançester awtoulagyň diskli saklaýjysynyň, ýagny tormozyň taslamasyny patentleşdirdi.

1938-nji ýyl. «Oral-B» kompaniýasy dünýäde ilkinji emeli sintetiki süýümli diş çotgasyny çykardy.

1938-nji ýyl. «Nike» kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan biri we onuň prezidenti Fil Naýt doguldy.

1955-nji ýyl. Meşhur amerikan inženeri we oýlap tapyjysy, telekeçi, «Apple» korporasiýasynyň esaslandyryjysy hem-de onuň ilkinji baş direktory Stiw Jobs dünýä indi.

1965-nji ýyl. Meşhur nemes futbolçysy we tälimçisi Hans-Diter Flik dünýä indi.

1977-nji ýyl. Rowaýata öwrülen ýeňilmezek boksçy Floýd Meýwezer doguldy. Amerikaly türgen dünýäniň iň baý türgenleriniň biri hasaplanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info