24-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

24 Iyul, 2026

24-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

1790-njy ýyl. Fransiýada taryhda ilkinji gezek meteoritiň Ýer ýüzüne düşmegi resmi taýdan hasaba alyndy.

1851-nji ýyl. Britaniýada penjireler üçin alynýan salgyt ýatyryldy.

1870-nji ýyl. San-Fransiskodan ugran ilkinji yklymara otly Nýu-Ýorka geldi.

1908-nji ýyl. Olimpiadanyň hormatyna berlen dabaraly naharda Pýer de Kuberten: «Esasy zat ýeňiş däl-de, gatnaşmakdyr» diýen meşhur şygaryny gaýtalady.

1911-nji ýyl. Amerikan arheology Haýrem Binghem Peruda Inkler imperiýasynyň «ýitirilen şäheri» bolan Maçu-Pikçuny tapdy. Bu şäher ýa iň soňky imperator üçin gaçybatalga ýa-da «Günüň gyzlaryny» konkistadorlardan goramak üçin gizlin penahana bolup hyzmat edipdir.

1938-nji ýyl. Çalt ereýän kofe oýlanyp tapyldy.

1987-nji ýyl. «IBM» kompaniýasy «DOS» operasion ulgamynyň 3.3 görnüşini çykardy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info