24-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

1733-nji ýyl. Britan himigi Jozef Pristli dünýä indi. Ol kislorody açan alymdyr.

1802-nji ýyl. Iňlis oýlap tapyjysy Riçard Trewitik ilkinji bug lokomotiwi, has takygy parowoz üçin patent aldy.

1896-njy ýyl. Rus inženeri Aleksandr Popow radio tolkunyny «howa arkaly» geçirmegi amala aşyrdy.

1898-nji ýyl. Ilkinji amerikan awtoulagy satyldy. «Uinton» modeli dag inženeri Robert Ellison tarapyndan 1000 dollara satyn alyndy.

1905-nji ýyl. Fransuz ýazyjysy Žýul Wern aradan çykdy. Ol «Kapitan Grantyň çagalary», «Segsen günde dünýäni aýlanmak» ýaly meşhur eserleriň birnäçesiniň awtorydyr.

1930-njy ýyl. Pluton planetasy häzirki adyna eýe boldy, ýagny «Pluton» diýlip atlandyrylyp başlandy.

1955-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji deňiz nebit buraw desgasy oturdyldy.

2016-njy ýyl. Niderlandlardan bolan meşhur futbolçy we tälimçi Ýohan Kroýf aradan çykdy. Ol «Altyn top» baýragyny üç gezek alan ilkinji futbolçy boldy.

2001-nji ýyl. «Mac OS X» operasion ulgamynyň ilkinji nusgasy çykaryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info