24-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

10 sagat öň

1844-nji ýyl. Semuel Morzeniň telegrafynyň kömegi bilen Waşingtondan Baltimora dünýäde ilkinji telegramma iberildi.

1905-nji ýyl. Mary etrabynyň Egrigüzer obasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýew doguldy.

1905-nji ýyl. Sowet rus ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Mihail Şolohow dünýä indi.

1928-nji ýyl. Umberto Nobiliň «Italiýa» dirižablyndaky ekspedisiýasy taryhda ilkinji gezek Demirgazyk polýusyna ýetdi.

1941-nji ýyl. Ýazyjy Hojanepes Meläýew dünýä indi.

1956-njy ýyl. Şweýsariýada taryhda ilkinji gezek «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşigi geçirildi.

1990-njy ýyl. Ýurdumyzda «Dil hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şol kanunyň esasynda hem türkmen diline döwlet dili derejesi berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info