1606-njy ýyl. Patyşa Filipp III Ispaniýanyň paýtagtynyň Walýadolidden Madride geçirilýändigini yglan etdi.
1848-nji ýyl. Krasnoýarskide Wasiliý Surikow doguldy. «Ýaýçylaryň jezalandyrylan gününiň säheri», «Menşikow Berýozowda», «Rim karnawalydan pursat», «Boýar aýaly Morozowa», «Ýermagyň Sibiri eýelemegi», «Stepan Razin» we beýleki epiki surat eserleri hem-de portretler Surikowyň rus nakgaşlyk sungatynda iň kämil suratkeşleriň biridigini subut etdi.
1848-nji ýyl. Kaliforniýanyň Koloma şäherçesiniň golaýyndaky Satteriň agaç kesýän kärhanasynyň ýanynda zähmet çekýän işçi Jeýms W.Marşall Amerikan-Riwer derýasynyň suw çarhyndan altyn bölejiklerini tapdy. Şeýlelikde, Kaliforniýada «altyn keseli» başlandy.
1922-nji ýyl. Halkara eskimo güni (International Eskimo Pie Day). Bu senäniň bellenilmegi 1922-nji ýylyň şu gününde ABŞ-nyň Aýowa ştatynyň Onawa şäherindäki süýjülikler dükanynyň eýesi Hristian Nelsonyň eskimo üçin patent almagy bilen baglanyşyklydyr.
1965-nji ýyl. Görnükli syýasatçy, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri we edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi ser Uinston Çerçill aradan çykdy. 2002-nji ýylda geçirilen pikir soralşygyň netijelerine görä, Çerçill taryhda iň beýik britan şahsyýeti diýlip atlandyryldy.
1984-nji ýyl. «Apple Macintosh» kysymly ilkinji şahsy kompýuter satuwa çykaryldy .