1719-njy ýyl. Londonda iňlis ýazyjysy Daniýel Defonyň «Robinzon Kruzo» romanynyň ilkinji neşiri çap edildi.
1783-nji ýyl. Fransiýanyň Annone şäherinde uly adamyň agramyna deň ýük bilen ilkinji howa şary asmana uçuryldy.
1859-njy ýyl. Ortaýer hem-de Gyzyl deňizlerini birleşdiren Sues kanalyň gurluşygy başlandy.
1901-nji ýyl. Nýu-Ýork ştatynda dünýäde ilkinji gezek awtoulaglaryň döwlet belgileri girizildi.
1931-nji ýyl. Ferdinand Porşe «Porsche» kompaniýasyny esaslandyrdy.
1940-njy ýyl. Meşhur amerikan aktýory Al Paçino doguldy.
1954-nji ýyl. «Bell Telephone» kompaniýasynyň amerikan ylmy-barlag merkezi ilkinji gün batareýalarynyň döredilendigini yglan etdi.