25-nji aprelde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi

MilliInfo

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi. Şeýle-de bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

«Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidenti Buýrugy türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksadyna gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info