25-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 sagat öň

1837-nji ýyl. Tomas Dewenport hemişelik tokly elektrodwigatel üçin patent aldy.

1957-nji ýyl. Ilkinji gezek kohlear implantasiýasy operasiýasy, ýagny eşidişini doly ýitiren adamlara sesleri kabul etmäge kömek edýän ýokary tehnologiýaly elektron enjamyň ornaşdyrylmagy üstünlikli geçirildi. Bu taryhy ädim fransuz lukmanlary Andre Dýurno we Şarl Eýris tarapyndan ädildi.

1992-nji ýyl. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow aradan çykdy. Ýazyjy ençeme proza hem drama eserleri bilen türkmen edebiýatynyň taryhyna ebedi girdi. Dürli ýyllarda onuň çagalar, ýaşlar we uly ýaşlylar üçin niýetlenen «Baglaryň bagy», «Akmak patyşa», «Kyrk teňňe», «Ýürek daş däl», «Suraý», «Çakylyk», «Mähriban adam», «Söýseň» atly kitaplary okyjylara gowuşdy. Onuň döredijiliginde «Toýly Mergen» romany aýratyn orun eýeleýär.

1999-njy ýyl. Italiýaly tanymal derwezeçi Janluiji Donnarummanyň doguldy.

2005-nji ýyl. Türk futbolçysy, Türkiýäniň milli ýygyndysynyň we «Real Madridiň» ýarymgoragçysy Arda Güler dünýä indi.

2010-njy ýyl. Aktor, Russiýanyň at gazanan artisti Wladislaw Galkin aradan çykdy.

Her ýylyň 25-nji fewralynda dünýäde spirtiň döredilen güni bellenilýär. Bu gün lukmanlar we himiýa hünärmenleriniň resmi bolmadyk möhüm senedir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info