25-nji iýulda ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda tomusky transfer möwsümi açylýar

MilliInfo

23 Iyul, 2025

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda tomusky transfer möwsümi açylýar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Tomusky transfer möwsümi 10-njy awgusta çenli dowam eder. Görkezilen seneden soň Naýbaşy futzal ligasynyň toparlary goşmaça oýunçylary hasaba alyp bilmezler.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasyna Watanymyzyň iň güýçli futzal toparlarynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Munuň özi liganyň diýseň dartgynly geçmegini üpjün edýär

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo