25-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

20 sagat öň

25-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

1498-nji ýyl. Hytaýda diş çotgasy oýlanyp tapyldy (Sene, takmynan, kesgitlenilýär).

1503-nji ýyl. Hristofor Kolumbyň gämisi Ýamaýkanyň kenarynda heläkçilige uçrady.

1783-nji ýyl. Fransuz himigi Antuan Loran Lawuazýe Pariž ylymlar akademiýasynyň mejlisinde suwuň wodorod bilen kislorodyň birleşmesidigini ilkinji gezek mälim etdi. Iki ýyldan soň bolsa ol harby inžener Žan Menýe bilen bilelikde şol elementlerden suwy sintezledi (emele getirdi).

1788-nji ýyl. Wirkiniýa ABŞ-nyň onunjy ştaty boldy.

1957-nji ýyl. Meşhur «Uçýan tarelka» oýunjagy oýlanyp tapyldy.

1967-nji ýyl. Dünýä derejesindäki ilkinji telegoýberiliş göni ýaýlymda görkezildi. «Biziň dünýämiz» («Our World») maksatnamasy bäş yklymdaky 24 ýurda ýaýradyldy we 400 million teletomaşaçy «The Beatles» toparynyň ilkinji gezek ýerine ýetiren «All You Need Is Love» aýdymynyň tanyşdyrylyşyna tomaşa etdi.

1998-nji ýyl. «Windows 98» operasion ulgamy resmi taýdan çykdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info