Şu gün Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär.
25-nji maýda dünýäniň birnäçe döwletinde, şol sanda Türkmenistan Watanymyzda «Soňky jaň» dabarasy bellenilýär.
Şu gün Bütindünýä futbol güni bellenilýär. 2024-nji ýylyň maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 25-nji maýyny Bütindünýä futbol güni diýip yglan etdi. Bu sene 1924-nji ýylyň 25-nji maýynda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji halkara futbol ýaryşynyň şanyna saýlanyp alyndy.
1955-nji ýyl. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew doguldy.
1977-nji ýyl. Kinoteatrlarda kassa ýygymlarynyň möçberi boýunça birinji orna çykan «Ýyldyz söweşleri. IV bölüm: Täze umyt» filminiň görkezilişi başlandy.
2013-nji ýyl. UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda taryhda ilkinji gezek iki nemes kluby duşuşdy: «Uembli» stadionynda geçirilen oýunda «Bawariýa» Dortmundyň «Borussiýasyndan» 2:1 hasabynda üstün çykdy.