26-njy iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

26 Iýun, 2026

26-njy iýun: Gyzykly maglumatlar

1896-njy ýyl. Täze Orleanda (ABŞ, Luiziana ştaty) dünýäde ilkinji hemişelik işleýän kinoteatr açyldy. Ol 400 orunlykdy.

1925-nji ýyl. Golliwudda Çarli Çapliniň «Altyn gyzdyrmasy» atly filminiň premýerasy boldy.

1945-nji ýyl. San-Fransiskodaky maslahatda 50 döwletiň wekilleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Tertipnamasyna gol çekildi.

1978-nji ýyl. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çäçdepe obasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew dünýä indi. Şu ýylyň fewralynda ol Türki dünýäniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) «Anadolu» gazeti bilen bilelikde geçiren türk dünýäsinde teatr sungatyna goşan goşandy üçin sungat ussatlarynyny sylaglamak dabarasynda «Iň gowy aktýor» ugry boýunça abraýly baýraga eýe boldy.

1979-njy ýyl Mohammed Ali boks bilen hoşlaşýandygyny (sporty taşlaýandygyny) yglan etdi.

1997-nji ýyl. «Kasperskiý barlaghanasy» (Лаборатория Касперского) antiwirus kompaniýasy esaslandyryldy.

2014-nji ýyl. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Daşoguz şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Ýusup-Züleýha» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info